Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda daşky gurşawy goramak boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Tutuş adamzadyň üns merkezinde duran ekologiýa we daşky gurşawy goramak meseleleri babatda Türkmenistanyň alyp barýan syýasaty, öňe sürýän başlangyçlary uly ähmiýete eýe bolup, dünýä jemgyýetçiliginiň ýokary gyzyklanmasyna eýe bolýar. Munuň özi döwletimiziň bu babatdaky özboluşly syýasatynyň oňyn häsiýete eýedigi hem-de ählumumy bähbitlere laýyk gelýändigi bilen şertlendirilendir.
Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 23-nji sentýabrynda geçirilen Döwlet Maslahatynda eden çykyşynda: «Daşky gurşawy arassa saklamak, tebigy baýlyklarymyza aýawly çemeleşmek we olary rejeli peýdalanmak, ekologik taýdan arassa tehnologiýalary önümçilige yzygiderli ornaşdyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar» diýip bellemegi ýurdumyzda tokaýlaryň köpeldilmeginiň ýaşaýşyň esasy serişdesi bolan howanyň arassa bolmagyny üpjün etmegiň, ykdysady ösüşiň, tebigatyň biodürlüligini gorap saklamagyň we baýlaşdyrmagyň möhüm şertidigini aňladýar. Çünki daşky gurşawy goramagyň we howanyň üýtgemeginiň öňüni almagyň derwaýyslygy, ilkinji nobatda, bu meseleleriň diňe bir sebitde däl, eýsem, bütin dünýäde örän wajyplygy hem-de tutuş ynsanyýeti tolgundyrýandygy bilen baglydyr.