Seljuklaryň parahatçylyk döredijilik ýörelgeleri

5 Dekabr 2022
1543

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda Aşgabatda geçirilen Döwlet maslahatynda eden çykyşynda şu binýatlyk ähmiýetli pikir-garaýşyny beýan etdi: «Biziň ýurdumyz halkara gatnaşyklarynda ynanyşmak dialogynyň filosofiýasyny ilerletmek bilen, «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly ýörelgä eýerip, täze başlangyçlary öňe sürmegi göz öňünde tutýar». Bu çuňňur paýhasa eýlenen sözleriň gözbaş alýan çeşmeleriniň biri hem halkymyzyň şöhratly taryhy, hususan-da, häzirki zaman dünýä siwilizasiýasynyň emele gelmeginde mynasyp orun alan Beýik Seljuk imperiýasynyň bize miras goýan daşary syýasy we diplomatik ýörelgeleri hem däpleri bolup durýar. Olary içgin öwreneniňde, hormatly Prezidentimiziň daşary syýasatyndaky bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleriniň çuňňur kökleriniň ata-babalarymyzyň dünýäniň ençeme künjeginde döreden döwletleriniň daşary syýasatynyň özeninden gözbaş alýandygyna göz ýetirmek bolýar.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynda: «Milli bitewülige we hoşniýetli goňşuçylyga, beýleki halklar bilen parahatçylyk söýüjilikli we dostlukly gatnaşyklara gadyr goýmagy türkmen halkyna taryhyň özi öwretdi» diýip nygtalýan hakykaty diňe bir sebitde däl, eýsem orta asyr taryhynda möhüm orun eýelän Beýik Seljuk imperiýasynyň (1040–1157) daşary-syýasy ýörelgeleri babatynda-da hem aýdyň görünýär. Orta asyr awtorlary bu döwletiň serhetleriniň Hytaýdan we Gündogar Türküstandan (Hotan, Kaşgar) başlap, Ruma, Şama, Müsüre hem-de Hazar deňzinden Ýemene çenli uzalyp gidendigini ýazýarlar.

Jumamyrat GURBANGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory, taryh ylymlarynyň kandidaty.