Daşky gurşawyň gözelligi

1 Dekabr 2022
1356

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022—2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» ýurdumyzyň daşky gurşawyny goramakda ekologiýa syýasaty mynasyp orun tutýar. Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasynda «ýaşyl ykdysadyýeti» ösdürmegiň esasy ugurlarynyň biri bolan serişdeleriň galyndysyz peýdalanylmagyny gazanmak esasy wezipe hökmünde kesgitlenýär. Baş maksat hökmünde jemgyýetiň durmuşynyň ähli ulgamlarynda hemmetaraplaýyn durnukly ýaşyl ösüş konsepsiýasy çykyş edýär. Ösüşiň ekologiýa böleginiň esasy wezipeleri bolsa, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, tebigy ekologiýa ulgamlaryny, biologik we landşaft dürlüligini saklap galmak, ýerleriň ýaramazlaşmagyny mümkin bolan derejede peseltmek, ilaty tebigy we tehnogen häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlaryň zyýanly täsirlerinden goramagyň degerli ulgamyny döretmek, daşky gurşawyň hilini gowulandyrmak arkaly ekoulgamlaryň ýaşaýşa ukyplylygyny ýokarlandyrmak, hojalyk işiniň ekologiýa taýdan howpsuzlygyny berjaý etmegiň ykdysady esasynyň höweslendiriji ulgamyny döretmek we ekologiýa auditi ulgamyny ösdürmek bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzda tebigaty goramak, daşky gurşawyň ekologiýa taýdan arassalygyny saklamak ugrunda netijeli işler amala aşyrylýar. Häzirki wagtda her ýylda millionlarça düýp agaç nahallary oturdylyp, Milli tokaý maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýän ýurdumyzda haýwanat we ösümlik dünýäsini gorap saklamak boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar. 2022-nji ýylyň 5-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek we tokaý zolaklarynyň çägini giňeltmek ugrunda degişli işler alnyp barylýar. 

Serdar BAÝRAMMYRADOW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.