Ýurdumyz bagy-bossanlyga öwrülýär

28 Noýabr 2022
1198

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek ugrundaky işler ata Watanymyzyň tutuş süňňüni gurşap aldy. Hormatly Perzidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda köpçülikleýin bag ekmek işleri giň gerimde amala aşyrylýar. Bu asylly işler mähriban ýurdumyzda yzygiderli häsiýete eýe bolýar, sebäbi bag ekmek, daşky gurşawy goramak, tebigaty gözelleşdirmek, daş-töweregi abadanlaşdyrmak, arassaçylyk çärelerini geçirmek halkymyzyň milli ýörelgelerine mahsusdyr. Tebigata we daşky gurşawa söýgi türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuşynyň, däp-dessurlarynyň we milli mirasynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär, ol gözellige teşne halkymyzyň ynsanperwer ýörelgeleriniň biri hökmünde ebedilige eýedir.

Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde dürli görnüşli tokaý agaçlary, çägeli we toýunly düzlüklerde ojar, çerkez, gandym ýaly şorlaşan topraklara çydamly çöl ösümlikleri ösdürilip ýetişdirilýär. Ýerasty suwlaryň çuňlugy bir ýarym metre çenli bolan, dürli derejede şorlaşan toprakly ýerlerde duza çydamly garagaç, ýylgyn, derek, toraňňy, igde, pisse, tut, beýi ýaly gyrymsy we ýarym gyrymsy agaçlary hem-de ösümlikleri ekmek işleri gyzgalaňly dowam etdirilýär. Bag ekilen ýerlerde ideg işleri, ekilen ösümlikleri zyýanly mör-möjeklerden hem-de dürli ösümlik kesellerinden goramak bilen bagly çäreler alnyp barylýar. Oba hojalyk ekinleriniň ösdürilip ýetişdirilýän ýerlerinde gorag tokaý zolaklarynyň tutuş ulgamynyň döredilmegi hem bu ugurdaky möhüm çäreleriň biridir. Şeýle zolaklar suwarymly ýerlerde ýerasty şor suwlaryň saklanyş derejesini peseltmekde, ekinleri jöwzaly epgeklerden goramakda, ýeriň hasyllylygyny artdyrmakda, umuman, ekerançylyk ýerleriniň ulanylyş medeniýetini ýokarlandyrmakda wajyp melioratiw çärä öwrüldi.