Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda her ýylyň güýz hem-de ýaz pasyllarynda köpçülikleýin bag nahallarynyň ekilmegi eziz Diýarymyzyň tebigatynyň gözelligini artdyrmak bilen birlikde, onuň ekologik abadançylyk derejesiniň ýokarlanmagyny hem üpjün edýär. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek boýunça giň gerimli maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi obalarymyzyň, şäherçelerimiziň, şäherlerimiziň, umuman, tutuş daşky gurşawyň ekologiýa ýagdaýynyň gowulanmagynda, ilatyň saglygyny berkitmekde we sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar bolmagynda diýseň ähmiýetlidir. Tebigatyň gözel hem arassa, sagdyn durmuş ýörelgesiniň rowaçlanýan ýeri bolsa bagtyýarlygyň mekanydyr.
«Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri daşky gurşawa, tebigata aýawly çemeleşip, ony gözüniň göreji deý gorap gelipdir. Halkymyzyň bu asylly ýörelgesini «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilen ýylda has-da ösdürmek, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça bellän meýilnamalarymyz üstünlikli amala aşyrylýar» diýip, hormatly Prezidentimiz nygtaýar. Arkadagly Serdarymyzyň bu dürdäne sözleriniň döwrümiziň ajaýyp hakykatydygyna geçen şenbe güni ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berilmeginiň mysalynda hem aýdyň göz ýetirdik.