«Gadymy Merw» döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň hasabyna Türkmenistanyň çäginde ilkinji gurlan, iň uly we häzirki wagta çenli işjeň ýagdaýda saklanyp galan Hindiguş suw elektrik stansiýasy hem goşuldy. Başdaky kuwwatyny ýitirmän işläp duran bu goja desga indi taryhy ýadygärlik derejesine eýe boldy.
Şu ýylyň 3-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda eden çykyşynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Murgap derýasynyň ugrunda gurlan Hindiguş gidroelektrik stansiýasy barada gürrüň edip, ony «tehniki pikiriň ýadygärligi» diýip atlandyrdy. Türkmenistanda pudagyň ösüş taryhynyň gözbaşynda duran desgany energetika stansiýalarymyzyň şu günki derejesine buýsanç döretmek üçin institutyň talyplaryna-da görkezmegiň gerekdigini nygtady.