Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Munuň maksady ilatyň ýaşaýşy üçin arassa we amatly daşky gurşawy döretmekden ybarat bolup durýar. Ýurdumyzda ynsan saglygyny we ekologiýa abadançylygyny üpjün etmegiň hukuk esaslary berkidilýär. Munuň şeýledigini Türkmenistanyň Konstitusiýasynda hem-de kadalaşdyryjy hukuk namalarynda daşky gurşawy goramak bilen baglanyşykly beýan edilýän kadalardan hem görmek bolýar.
Ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän ýörelgelere laýyklykda, sagdyn durmuş ýörelgesi we tebigatymyzy baýlaşdyrmak ildeşlerimiziň asylly maksadyna öwrüldi. Daşky gurşawy goramak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek meselesi häzirki döwürde tutuş adamzadyň derwaýys meselesine öwrüldi. Ýurdumyzda köpçülikleýin bag ekmek dabaralarynyň geçirilmegi bu babatdaky ekologiýa başlangyçlarynyň halk tarapyndan goldanylýandygyny görkezýär. Häzirki wagtda Türkmenistanyň tutuş adamzat üçin möhüm ähmiýetli bolan daşky gurşawy goramak ýaly esasy meseleleriň çözgüdine mynasyp goşant goşýandygyny dünýä ykrar edýär.