Şu gün — 5-nji noýabrda ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan işleriň nobatdakysy bolan güýzki ählihalk bag ekmek dabarasyna badalga berler. Bilşimiz ýaly, Arkadagly Serdarymyz adamlaryň oňaýly ýaşamagynyň we dynç almagynyň, sagdyn hem-de ruhubelent bolmagynyň möhüm şerti hökmünde bu asylly işe aýratyn üns berýär.