Poç­ta­nyň­ ta­ry­hyn­dan

29 Oktýabr 2022
2384

Bi­ziň dur­mu­şy­myz poç­ta ara­gat­na­şy­gy bi­len berk bag­ly­dyr. Biz bir ýe­re hat-ha­bar ýa-da ban­de­rol iber­mek­çi bo­la­ny­myz­da poç­ta ara­gat­na­şy­gy­nyň hyzmatlaryndan peýdalanmaly bol­ýa­rys. Poç­ta hyz­mat­la­ry bu ugur­da bi­ziň mö­hü­mi­mi­zi bi­tir­mek­de yg­ty­bar­ly mer­kez bo­lup dur­ýar. Poç­ta­nyň dö­re­ýşi­niň täsin ta­ry­hy bar.

Poçtanyň taryhy hat ýazuwynyň taryhy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Hat ýazuwynyň döremegi bilen, habar hat görnüşinde ýetirilip ugralypdyr. Mu­nuň özi bolsa poçta aragatnaşygynyň düýbüniň tutulmagyna getiripdir. Aragatnaşyk gullugynyň düzgünleşdirilen ilkinji edaralary diýseň ir, antik döwründe peýda bolupdyr. Ilkinji gezek poçta habary 5 müň ýyl töweregi mundan ozal Mesopotamiýada ýüze çykypdyr. Mü­sür­de hem poçta ara­gat­na­şy­gy ir­ki dö­wür­de baş­la­nyp­dyr. Ol ýer­de hat-pet gat­nad­ýan kep­de­ri­ler peý­da­la­ny­lyp­dyr. Soň­ra has möhüm habarlary ýetirmek üçin gadym döwürde atly, düýeli çaparlar ibe­rilipdir.