Bu biziň öz taryhymyz

12 Oktýabr 2022
2426

Mamunyň akademiýasy

Taryhy çeşmeleriň şaýatlyk etmegine görä, IX — XIII asyrlar Gündogar medeniýetiniň has ýokary göterilen döwri bolupdyr. Meşhur arapşynas A. Mesiň (1869 — 1917 ý.ý.) “Musulman dünýäsiniň gündogar bölegi alymlar üçin behişdi ýer» bolupdyr diýip, gymmatly maglumat bermegi munuň aýdyň subutnamasydyr. IX-XIII asyrlaryň dowamynda türkmenleriň Horezmşalar, Gaznalylar, Seljuklar we Köneürgenç döwletleri gülläp ösüpdir. Bu döwletler tarapyndan Gündogaryň galkynyşynyň emele gelmegi üçin zerur bolan syýasy, ykdysady, ylmy we medeni şertler döräpdir. Şoňa görä-de, bu döwürlerde türkmen döwletleriniň höküm süren ýerlerindäki döwrüň iň ýokary ylym-bilim ojaklary bolan metjitleriň, medreseleriň, hanakalaryň we kitaphanalaryň şöhraty bütin dünýä belli bolupdyr.