Binagärlik sungatynyň merjeni

11 Awgust 2022
1627

Hormatly Prezidentimiziň medeni mirasymyzy, çuňňur öwrenmek hem-de wagyz etmek babatdaky döwlet syýasatynyň netijesinde ýurdumyzda Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen gadymy binalary ýüze çykarmakda we ylmy taýdan öwrenmekde, gorap saklamakda uly işler alnyp barylýar.

Adamzadyň medeni mirasynyň altyn hazynasyna giren şol taryhy binalaryň, ýadygärlikleriň ygtybarly goralyp saklanylmagy üçin olary rejelemek we dikeltmek meselesine hem aýratyn üns berilýär. Bu ugurda ýurdumyzdaky ýörite taryhy we medeni ýadygärlikleri goraýan döwlet goraghanalary tarapyndan uly tagallalar edilýär. Kerki şäherindäki «Kerki» taryhy we medeni döwlet goraghanasy tarapyndan goralýan, hasaba alnan birnäçe arheologik we binagärlik ýadygärlikleri barada Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň arheologiýa bölüminde gyzykly gürrüň berilýär. Muzeýde Kerki etrabyndaky Astanababa, Alamberdar tugçynyň kümmetleriniň, Halaç etrabyndaky Idris baba medresesiniň, Dänew etrabyndaky Daýahatyn kerwensaraýynyň, Abu-Muslimiň ýadygärlikleriniň kiçi nusgalary we orta asyrlaryň binagärlik sungatynyň özboluşly aýratynlyklary hakynda gürrüň berýän suratly ylmy maglumatlar ýerleşdirilendi. Orta asyrlara degişli bolan bu ýadygärlikler binagärlik sungatynyň ajaýyp gurluş usullaryny özünde saklamak bilen, taryhçy alymlar we arheologlar tarapyndan gutarnykly öwrenilmäge doly mynasyp.

Ogulgerek AGAJANOWA,
Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri.