Ekologiýa taýdan arassa we galyndysyz işleýän innowasion tehnologiýalary ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna ornaşdyrmak, gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmek, tebigy baýlyklary rejeli, tygşytly peýdalanmak döwrüň möhüm talaby bolup, ählumumy ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde wajyp orny eýeleýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» geljek ýyllarda zyýanly galyndylaryň zyňyndylaryny kem-kemden azaldyp, az uglerodly we gaýtadan dikeldilýän energiýa geçilmegi göz öňünde tutulýar.
Ýurdumyzda «ýaşyl» ösüş strategiýasy köpasyrlyk milli ýörelgelere daýanýan döwletimiziň durnukly ykdysady we durmuş ösüşiniň gurallarynyň biri bolup durýar. Şu ýylyň 24-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde «ýaşyl energetikanyň» mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmagyň hem-de gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini işjeň ulanmagyň zerurdygyny nygtap, daşky gurşawa zyýan ýetirmeýän energetika desgalarynyň gurulmagy babatda meýilnamalary ýerine ýetirmek boýunça degişli tabşyryklary berdi.