Ösüşli ýollaryň kämil binýady

25 Iýul 2022
897

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň şu ýylyň 11-nji fewralynda geçirilen mejlisinde tassyklanan «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» döwrebap hem möhüm özgertmeleriň binýady bolup çykyş edýär. «Biz döwletimiziň ykbaly, nesillerimiziň geljegi üçin uly jogapkärçilik çekýäris. Şoňa görä-de, indi biziň öňümizde şeýle uly wezipe durýar: biz döwletimizi we onuň institutlaryny geljek 30 ýylda ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitlemelidiris hem-de düzmelidiris» diýip, Gahryman Arkadagymyz belleýär. Bu maksatnama ýurdumyzyň mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan yzygiderli ösüşi, jemgyýetde bitewüligiň, durnuklylygyň berkidilmegi üçin wajyp resminama bolup durýar. Onda geljek 30 ýylda döwletimizi we onuň institutlaryny ösdürmek, ata Watanymyzy täze derejelere çykarmak üçin derwaýys bolan 30 ugur hem-de olary amala aşyrmakda öňde durýan wezipeler kesgitlenildi.

Şolardan ugur alnyp, hususy pudagyň işjeňligini ýokarlandyrmak, içerki bazarlarda ilatyň sarp edýän harytlarynyň bolçulygyny üpjün etmek, makroykdysady durnuklylygy berkitmek, döwrebap tehnologiýalaryň we öňdebaryjy dünýä tejribesiniň esasynda tebigy baýlyklarymyzy netijeli peýdalanyp, milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny has-da ýokarlandyrmak hem-de Watanymyzyň dünýäniň durnukly ösýän ýurtlarynyň derejesindäki ornuny pugtalandyrmak, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny has-da artdyrmak boýunça degişli zerur işleri durmuşa geçirmek ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi. Bu işleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi hususy işewürligi ösdürmek we telekeçilik işi bilen meşgullanýan şahslary goldamak üçin oňaýly şertleriň döredilmegine, ykdysady taýdan ösen, kuwwatly döwletleriň hataryna çykmakda öňe ilerlemegimize, ýurdumyzyň ösüşiň hil taýdan täze, belent sepgitlere tarap okgunly öňe gitmegine itergi berer.

Guwançmyrat AGAÝEW,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Ykdysadyýet, maliýe we durmuş syýasaty baradaky komitetiniň başlygy.