22-nji iýulda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda «Parahatçylyk dilleri» atly ÝUNESKO klubunyň açylyş dabarasy geçirildi. Oňa institutyň ýolbaşçy düzümi, mugallymlardyr talyplar, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň Sekretariatynyň wekilleri gatnaşyp, ýurdumyzda ilkinji gezek döredilen bu klubuň maksatlarydyr wezipeleri dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler.
Açylyş dabarasynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rustemowa çykyş edip, klubuň esasy maksadynyň adalatlylygyň we adam hukuklarynyň ählumumy hormatyny üpjün etmek maksady bilen, bilim, ylym, medeniýet ulgamlarynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek arkaly parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmäge ýardam etmekden ybaratdygyny belledi.