Baglar — dünýäniň görki

13 Iýul 2022
1565

Watanymyzyň tebigy baýlyklaryny, ekologiýa abadançylygyny goramak, bu gymmatly gözelligi geljekki nesillere geçirmek döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Daşky gurşawy goramak, tebigy serişdeleri, şol sanda suw serişdelerini netijeli peýdalanmak, howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly töwekgelçilikleri azaltmak, täze ekologiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmak we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça ýurdumyzda amala aşyrylýan işler örän guwandyryjydyr.

Halk arasynda «Bagym bar, barym bar» diýen nakyl bar. Baglar — dünýämiziň görki. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, miweli, saýaly we bezeg baglary ekmek ýaşaýşa dowamat bermekdir. Muňa oňat düşünýän bu günki ýaş nesillerimiz hem ata-babalarymyzdan gelýän bu asylly ýörelgä eýerip, bag nahallaryny ekip, olarda arassalaýyş we timarlaýyş işlerini geçirýärler, millionlarça düýp agaç nahallaryna yzygiderli ideg edýärler. Şeýdibem, il alkyşyna mynasyp bolýarlar. Günsaýyn özgerýän Diýarymyzyň oba-şäherlerinde saýaly baglaryň hatary gitdigiçe artýar. Miweli baglaryň ekilýän meýdany barha giňeýär. Bagy-bossanlyklaryň döredilmeginiň baş maksady bolsa daşky gurşawyň arassalygyny gorap saklamak hem-de adamlaryň sagdyn ýaşamaklygyny üpjün etmek bilen berk baglanyşyklydyr.

Aýgül Myradowa,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň welaýat bölüminiň hünärmeni.