Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda uly ösüşler gazanylýar, belent sepgitlere ýetilýär. Häzirki döwri zamanabap tehnologiýasyz göz öňüne getirmegem kyn. Çünki bedew batly ösüşli döwürde bütin dünýäde innowasion özgertmeler amala aşyrylyp, ähli ulgamlara öňdebaryjy tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar. Döwür bilen aýakdaş gidýän ýurdumyzyň bilim ulgamyny hem ösen döwrüň talaplaryna laýyk kämilleşdirmek ugrunda giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Soňky ýyllarda ýurdumyzda häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, bilim ulgamynda baý tejribe toplanyldy. Ýurdumyzyň geljekki eýeleri bolan ýaş nesliň giň gözýetimli, sowatly bolup ýetişmegi üçin uly alada edilýär. Paýtagtymyz ak mermerli Aşgabatda hem-de welaýatlarda iň täze kompýuterler, okuw-tehniki enjamlary, interaktiw-multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilen orta mekdepleriň we çagalar baglarynyň gurlup, ulanylmaga berilmegi ildeşlerimizi çäksiz begendirýär.
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň 14-nji iýunynda paýtagtymyzdaky Maslahat merkezinde ýaşlar bilen duşuşyp, döwlet ýaşlar syýasatynyň, bu ulgamda milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň ileri tutulýan meselelerine bagyşlap maslahat geçirdi. Maslahatda Gahryman Arkadagymyz: «Maglumatlar we tehnologiýalar» asyry diýip atlandyrýan XXI asyrymyzda ylmyň iň täze gazananlary bilen aýakdaş gitmek — milli ykdysadyýetimizi ýokary tehnologiýaly pudaklar bilen üpjün etmek döwrümiziň talaby we güýçli döwlet bolmagyň esasy şertidir» diýip, aýratyn nygtady.