Bu gün ylmyň we tehnikanyň ösüşi ynsan durmuşyny ozal görlüp-eşidilmedik derejede ýeňilleşdirýär. Emma daş-töweregimizi gurşap alan dünýä hem-de ýaşaýan şertlerimiz hem şol ösüş bilen deňeçer özgerýär. Bilermenleriň hasaplamalaryna görä, tebigatda bolup geçýän üýtgeşmeleriň soňky ýüz ýyldaky tizligi adamzadyň kemala gelen döwründen bäri iň ýokary derejä çykdy. Şunuň bilen baglylykda, dünýä jemgyýetçiligi ekologiýanyň we daşky gurşawyň üýtgemegi bilen baglanyşykly täze kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Munuň öňüni almak üçin bolsa tebigata aýawly çemeleşip, onuň baýlyklaryndan rejeli peýdalanmalydyr.
Elektrik energiýasynyň oýlanyp tapylmagy adamyň gündelik durmuşynyň we önümçilik işiniň ýeňilleşmegini şertlendirdi. Elektrik energiýasynda işleýän enjamlaryň peýdalanylmagy bir tarapdan uly amatlyklary döredýän bolsa, beýleki tarapdan, elektrik energiýasyny öndürmek üçin köp mukdarda serişde sarp edilýär. Hojalyk durmuşynda käbir ýönekeý düzgünleriň berjaý edilen halatynda elektrik energiýasynyň bisarpa harçlanmagynyň öňüni alyp bolar.