Paýhas ummanynyň şamçyragy

11 Iýul 2022
1796

Eziz Watanymyzda ruhy-edebi we taryhy-medeni mirasymyzy öwrenmek, milli medeniýetimizi dikeltmek we ösdürmek babatda uly işler amala aşyrylýar, taryhda öçmejek yz goýan şahsyýetlerimiziň durmuşy giňişleýin öwrenilýär. Şeýle şahsyýetleriň biri-de orta asyryň görnükli alymy Abu Seýit Abylhaýyr ýa-da halk arasyndaky adyny aýtsak, Mäne babadyr. Gündogaryň beýik danasy Mäne babanyň asly ylymly-bilimli maşgaladan bolupdyr.

Orta asyr Mäne şäheri Türkmenistanyň taryhynda medeniýetiň güýçli ösen ojaklarynyň biri hasaplanylýar. Ol ýerde öz döwründe güýçli alymlar, danalar, şahyrlar kemala gelipdir.

Welidat HUDAÝNAZAROW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň uly mugallymy.