Tebigaty goramak — möhüm mesele

6 Iýul 2022
1701

Mähriban Watanymyzyň tebigatyny we onuň gözelligini, tebigy baýlyklaryny goramak, aýawly saklamak, olary geljekki nesillere ýetirmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň aýratyn üns berilýän ugurlarynyň biridir. Şol esasdan, ykdysady, durmuş we ekologiýa ulgamlarynda öňde goýlan wezipeleriň toplumlaýyn çözülmegine gönükdirilen işleriň barha öňe ilerleýändigini bellemek gerek.

Ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasynda işjeň alnyp barylýan gatnaşyklaryň arasynda Hazar sebitiniň meseleleri möhüm orun eýeleýär. Hazaryň ekologiýasyny we biodürlüligini gorap saklamaklygyň maksady onuň baý hem ajaýyp ekologiýa sazlaşygynyň bozulmagyna we ýitip gitmegine ýol bermezlik bolup durýar. Hazaryň ekologiýasy babatynda ýüze çykýan dürli meseleler boýunça kenarýaka döwletler bilen netijeli hyzmatdaşlygy berkitmek maksady bilen, birnäçe taslamalar durmuşa geçirilýär, halkara derejede maslahatlar, forumlar guralýar. 29-njy iýunda paýtagtymyzda geçirilen altynjy Hazar sammiti munuň aýdyň subutnamasy boldy. Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň Aşgabatda geçirilen taryhy duşuşygy Hazar deňziniň hemmetaraplaýyn goraglylygyny üpjün etmekde ýurtlaryň bilelikdäki tagallalarynyň uly ähmiýetiniň bardygyny ýene bir ýola görkezdi.

Öde ÝOLLYÝEW,
Hazar ekologiýa gözegçilik gullugynyň bölüm başlygy.