Dünýä möçberli ekologik meseleleriň arasynda çölleşme hadysalaryna aýratyn orun degişlidir. Berlen bahalar boýunça, çölleşmegiň ýüze çykmagynyň has ähtimal aýtymy bolan gurak ýerler gury ýeriň 47,5 göterime golaýyny eýeleýär. Çölleşmek — munuň özi organiki ýaşaýşyň ähli görnüşleriniň tapdan düşmegine, gurak ekoulgamyň weýran bolmagyna getirýän fiziki-geografik we antropogen hadysalaryň jemidir.
Birleşen Milletler Guramasynyň Çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýasynyň çäklerinde Türkmenistanda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Olaryň arasynda ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý gorag zolaklarynyň meýdanlaryny döretmek, öri meýdanlaryny dikeltmek ýaly işler has wajyp ähmiýete eýedir.