Diňe beýleki halklaryň dillerini bilip çäklenmek ýeterlik däl, şol dillerdäki ähmiýetli eserleri terjime edip, il-halkyňa ýetirip bilmek täze zatlary oýlap tapmaklyga, ýaşaýyşy has kämilleşdirmäge, gözelleşdirmäge ýol açýar. Şonuň üçin, terjimeçilik sungaty, esasanam, edebi hem-de ylmy eserleriň terjime edilmegi ykdysady-medeni ösüşe iterýän güýçleriň biri hökmünde kabul edilýär.
Dünýä halklarynyň dillerinde ýazylan eserleri okap-öwrenýän wagtymyz täze pikirler, täsin garaýyşlar bilen tanyşýarys. Döredijilikli çemeleşmek arkaly zehin ukyplaryny şineledip bolýar. Täze bir zatlary döretmäge ukyply bolunýar. Terjimeçilik, terjime etmeklik täsin bir sungatdyr. Ömrüni edebi-çeper ýa-da ylmy terjimä bagyşlan her bir ynsan bu hakykata anyk göz ýetirýändir. Käbir adamlar terjimeçilige beýleki möhüm işleriň gapdalyndan ýöredilýän güýmenje ýa pişe hökmünde garaýan bolmagy hem mümkin, emma terjimeçiligiň hupbaty käteler ýazyjylyaryň döredijilik dümtünmesinden has çuňňur hem-de çynlakaý bolubam bilýär. Çünki terjimeçilik döredijilik dünýäsiniň jümmüşindäki sungatdyr. Daşary ýurt dillerinden suwara, ol dillerde erkin gürläp ýa-da gürleşip bilýän her bir adam terjimeçi bolup bilmeýär. Ýazyjy bilen terjimeçiniň arasyndaky tapawut, ýazyjy öz döredijilik dünýäsinde peýda bolan eseri okyjylara hödürleýär. Terjimeçi bolsa şol ýazyjynyň eserini özüniň birkemsiz özleşdiren diline terjime edýär. Ýazyjy öz gahrymanlaryna keşp bermekde, hereketlendirmekde erkin çemeleşip bilýär, emma terjimeçide beýle erkinlik ýok, ol şol eseri manysyny ýoýmazdan çeperçiligi, täsinligi, täsirliligi, ylmylygy, takyklygy bilen okyjynyň kalbyna ornaşdyrmagy başarmaly. Bu bolsa köp zähmeti, tagallany talap edýär.