«Ýaşyl» ykdysadyýetiň ähmiýeti

16 Iýun 2022
1626

Eziz Watanymyz Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durnukly ösüşiň ýollarynda daşky gurşawy we tebigy serişdeleri gorap saklamak babatynda uly işleri amala aşyrýar. Şeýle hem ýurdumyzda ekologiýa abadançylygy ýaly gaýragoýulmasyz meselelere uly üns berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň bu ugurda başyny başlan we gazanan netijeleri dünýä nusgalykdyr.

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş boýunça kabul eden maksatnamasyny gyşarnyksyz berjaý edýär hem-de bu ugurda ýetilen sepgitler halkara derejesinde öwrenilmäge mynasypdyr. Ekologik taýdan arassa ykdysadyýete höwes döretmegiň nusgasyny alyp barýan ýurtlaryň hataryna Ýaponiýa we Günorta Koreýa ýurtlary degişlidir. Olar häzirki wagtda «ýaşyl ösüşi» milli baş ýörelge hökmünde saýlap alan döwletlerdir. Günorta Koreýada serişdeler «ýaşyl» görnüşli ulaglary işläp taýýarlamaga, süýji suwuň alternatiw çeşmelerine, galyndylary gaýtadan işlemegiň tehnologiýalaryna, şeýle hem seýilgähleri, gök guşak zolaklary ösdürmek, şäheriň çägindäki derýalary abadanlaşdyrmak bilen meşgullanýan telekeçilere berlen karzlara we ýeňillikli salgytlara gönükdirilendir.

Merjen AKMAMMEDOWA,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby.