Her bir güni beýik özgertmelere beslenýän ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ähli ugurlar bilen birlikde, hususy pudagyň ýokary depginler bilen ösdürilmegine hem uly üns berilýär. Ýurdumyzyň hususy pudagy milli ykdysadyýetimiziň ösüşinde esasy orny eýeleýär. Bu pudaga berilýän yzygiderli kömek-goldawlardan, döredilýän amatly şertlerden ruhlanýan ýurdumyzyň telekeçileri we işewürleri daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmekde hem-de bazarlarymyzy we söwda nokatlaryny milli önümlerimiz bilen bolelin üpjün etmekde ýadawsyz zähmet çekýärler.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Meretmuhammet Täçmuhammedowyň «Aýbölek» mebel fabrigi hem indi ençeme ýyldan bäri halkymyzyň öýlerini we döwrebap iş otaglaryny köp görnüşli mebeller bilen üpjün edip gelýär. Mebel fabrigi bu ugurda ýurdumyzda ilkinji bolup işe başlan kärhanalaryň biridir. Hususy mebel fabriginiň täze önümhanasy 2010-njy ýylda Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermegi bilen işe girizilipdi.