Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Maslahatlar merkezinde ýaşlaryň gatnaşmaklarynda döwlet ýaşlar syýasatynyň, bu ulgamda milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň ileri tutulýan meselelerine bagyşlanan maslahaty geçirmegi galkynyşly günlerimize altyn harplar bilen ýazyldy.
Gahryman Arkadagymyzyň hem nygtaýşy ýaly, maslahatyň esasy maksady ýaşlar hakynda Kanunyň taslamasyna seredip, bu kanunçylyk resminamasy barada ýaş nesliň wekilleriniň tekliplerini öwrenmek bilen bagly boldy.