13-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna hem-de sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meselelerine garaldy.
Maslahatda döwlet Baştutanymyza Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow, Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew, Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow, Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew, Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew alnyp barylýan oba hojalyk işleri, aýratyn-da, galla oragyny guramaçylykly geçirmek we bu möwsümde işledilýän tehnikalaryň ýokary öndürijiligini üpjün etmek ugrunda edilýän hemmetaraplaýyn tagallalar barada hasabat berdiler.