Tebigata söýgi — Watana söýgi

13 Iýun 2022
1979

Ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň welaýatymyza bolan iş sapary bizde ýakymly täsirleri galdyrdy. Aýratyn-da mähriban Arkadagymyz Amyderýanyň suw akymyny, kenarlarynyň tebigatyny, ekotalaplara laýyklykda gurlan desgalaryň işleýşini uly höwes bilen synlady.

Mähriban Arkadagymyzyň daşky gurşawyň meselelerine we ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegine uly üns bermegi tebigata we Watana bolan söýgini biri-birinden aýry göz öňüne hem getirip bolmaýandygynyň ýene-de bir güwäsi boldy. Gahryman Arkadagymyz halkymyzyň bütin taryhynyň onuň mähriban topragy, gözel tebigaty, derýalary, uç-gyraksyz Garagum çöli, bereketli dag-düzleri bilen baglanyşyklydygyny elmydama nygtaýar. Döwletimiziň ekologiýa syýasatynda suw gorunyň sarpaly we tygşytly ulanylyşyna uly üns berilýär. Şu babatda alanyňda, Amyderýanyň ähmiýeti hem juda uludyr, sebäbi Amyderýa diňe bir ekerançylyk ýerlerini däl, eýsem, döwletleriň, şäherleriň we obalaryň ilatyny hem suw bilen üpjün edýär.

Mamagül MAMEDOWA,
Çärjew etrabyndaky 3-nji orta mekdebiň mugallymy.