«Arkadagly zamananyň dörediji ýaşlary» atly döredijilik bäsleşigine
Sanly ulgamyň mümkinçilikleri biziň durmuşymyza giňden ornaşdy. Gündelik sarp edilýän azyk önümleri, hojalyk harytlary bilen bir hatarda awtoşaýlaryň onlaýn hödürlenilmegi biziň işimizi has-da aňsatlaşdyrdy. Awtoşaýlary bir elektron ulgamda ýerleşdirmegi başaran ilkinjileriň biri hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy G.Rozyýewe degişli bolan «Ýakyndar» onlaýn dükanydyr.