Durnukly ösüşiň bähbidine

9 Iýun 2022
1644

Häzirki zaman şertlerinde dünýä ähmiýetli meseleleri netijeli çözmek babatda hil taýdan döwrebap başlangyçlary ynamly öňe sürmek Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasy işjeňliginiň aýratynlygy bolup durýar. Bu aýratynlyk, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň halkara gatnaşyklarynyň işjeňligini, çeýeligini we köptaraplylygyny häsiýetlendirýär. Döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hem dünýä jemgyýetçiliginiň gaýragoýulmasyz meselesi bolan howanyň üýtgemegi we daşky gurşawy goramak bilen bagly meseleleri çözmäge gönükdirilendir. Çünki häzirki döwürde dünýä ykdysadyýetiniň okgunly ösmegi adamzadyň geljekki durnukly ösüşi bilen bagly bolan ekologiýa meselelerini üns merkezine çykarýar.

Daşky gurşawy goramagyň we howanyň üýtgemeginiň öňüni almagyň derwaýyslygy, ilkinji nobatda, bu meseleleriň diňe bir sebitde däl, eýsem, bütin dünýäde örän wajyplygy hem-de tutuş adamzady tolgundyrýandygy bilen baglydyr. Soňky onýyllyklarda howanyň üýtgemegi we onuň daşky gurşawa, ykdysadyýete we jemgyýete ýetirýän zyýanly täsirleri Durnukly ösüş maksatlarynyň has möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.

Welimyrat ÖWEZOW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.