Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda Murgabyň ugrundaky taryhy ýadygärlikler barada hem gymmatly maglumatlar beýan edilýär. Şeýle ýadygärlikleriň biri Asadabat ýa-da Löwker ýadygärligidir. Alymlaryň ýazmagyna görä, onuň Asadabat, Löwker atlary orta asyrlaryň taryhy çeşmelerinde duş gelýär. Ol söwda duralgasy, söwda-aragatnaşyk ýolunda düşelge hökmünde belli bolupdyr.
Syýahatçy Ýakut Hamawy Asadabat şäherinden diňe gala diwarlarynyň we bir sany gorag diňiniň saklanyp galandygyny görüpdir. Asadabatdaky ýaşaýyş IX — XI asyrlarda we XII asyryň ortalaryna çenli dowam edipdir. Häzirki wagtda ýerli ilatyň «Çaýbaba» diýip atlandyrýan ýeri bu şäheriň galyndylarynyň az saklanan bir bölegidir.