Daşky gurşawyň goragy

7 Iýun 2022
1842

Täze taryhy döwürde «Ýaşyl ösüşiň strategiýasy» ýurdumyzy ykdysady we durmuş taýdan durnukly ösdürmegiň esasy şertleriniň biri hökmünde kesgitlendi. Onuň öňdebaryjy tejribä, innowasion tehnologiýalara we köpasyrlyk milli däplere esaslanýandygy aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Şu zatlar barada gürrüň edilende, bu gün BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Daşky gurşawy goramak baradaky maksatnamasy, Ählumumy Ekologiýa Gaznasy hem-de Milli we sebit derejelerindäki beýleki abraýly halkara düzümler bilen bilelikde, ekologiýa maksatnamalarynyň we taslamalarynyň onlarçasynyň ýerine ýetirilýändigi aýratyn bellenilmelidir.

Hazar deňziniň daşky gurşawyny goramak, bu täsin suw howdanynyň baý tebigy we biologiýa serişdelerinden aýawly peýdalanmak ýurdumyzda öňe sürülýän ekologiýa syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şeýle bolansoň, Hazar deňziniň ekologiýa taýdan arassa kenarynda gurlan hem-de gurulýan döwrebap sagaldyş merkezleriniň we myhmanhanalaryň, şeýle hem senagat kärhanalarynyň ekologiýa howpsuzlygynyň halkara ölçeglere laýyk gelmegi olaryň esasy aýratynlygy hökmünde öňe çykýar. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda alnyp barylýan giň gerimli bag ekmek işleri hem ekologiýanyň goraglylygyna hyzmat edýär. Bu ýagdaýlaryň ählisi deňziň türkmen kenarynda dynç alýanlar üçin hemişe gök öwüsýän emeli tokaý zolaklarynyň, täze seýilgähleriň, dynç alýanlaryň saglygyna oňaýly täsirini ýetirýän ýakymly howanyň täsin sazlaşygyny emele getirýär.

Agahan AGAHANOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.