Bag bitse, bagtyýarlyk bolar

6 Iýun 2022
1767

Dünýäde iň wajyp, özem nesilleriň geljegi bilen bagly mesele ekologiýa abadançylygydyr. Ine, ýaňy-ýakynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyjyna bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin Aşgabat şäherine halkara güwänamanyň berilmegi Türkmenistanyň umumadamzat ösüşine hem-de abadançylygyna bagly mesele babatda gazanan üstünlikleriniň halkara ykrarnamasydyr.

Bu günki günde Watanymyzyň ýüregi bolan ak mermerli gözel paýtagtymyzy guşuçar belentlikden synlasaň, onuň çar töwereginiň ýaşyl tokaýlar bilen jäheklenip duran ajaýyp görnüşdedigini görmek bolýar. Öz çygryny barha giňeldýän Aşgabadyň giň köçeleriniň, täze şaýollarynyň, dynç alyş zolaklarynyň, seýilgähleridir baglarynyň, topraga sanjylan, eýýäm saýa salyp oturan, bezeg görnüşi bilen gözüňi dokundyrýan agaçlarynyň sany nijeme milliondan geçýär.

Maral MÖWLAMOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy.