EKOLOGIÝA ABADANÇYLYGY — ÝAŞAÝŞYŇ ZERURLYGY
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň gözel tebigatyna aýawly çemeleşmek, ony gorap saklamak baradaky düşünjeleriň halkymyzyň aňyna berk ornaşmagy ugrunda ýurdumyzyň alyp barýan syýasaty dünýä ýüzünde uly abraýdan peýdalanýar. Bu bolsa öz gezeginde ekologik meseleleriň oňyn çözülmegine esas bolup hyzmat edýär. Güneşli Diýarymyzda halkymyzyň arassa daşky gurşawda ýaşamagy, ýurdumyzyň gözel tebigatyny, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamaga, baýlaşdyrmaga gönükdirilen işler özüniň oňat netijelerini berýär. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, gözel tebigatymyzyň görküne görk goşmak, tokaý zolaklaryny köpeltmek maksady bilen däbe öwrülip gelýän ählihalk bag ekmek çäreleri yzygiderli geçirilýär. Garaşsyz Watanymyz daşky gurşawy goramak, oňa aýawly çemeleşmek babatda oňyn içeri we daşary syýasaty alyp barýar.