Döwrüň derwaýys meselesi

1 Iýun 2022
1489

5-nji iýun — Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni

Häzirki wagtda geljek nesillerimiz üçin ekologiýanyň ajaýyp gözelliklerini gorap saklamak tutuş adamzadyň derwaýys meseleleriniň biri bolup durýar. Şol sebäpli hem, ýurdumyzyň ähli pudaklarynda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek babatda alnyp barylýan işler geljegi nazarlaýar. “Ýaşyl ykdysadyýet” konsepsiýasyndan ugur alnyp, senagat kärhanalaryny tehniki taýdan döwrebaplaşdyrmak boýunça anyk çäreler amala aşyrylýar. Önümçilik düzüminiň täze desgalaryny gurmak, hereket edýänleriniň durkuny täzelemek hem-de döwrebaplaşdyrmak işleri ekologiýa howpsuzlygynyň talaplaryna laýyk gelýän öňdebaryjy tehnologiýalary we tehniki çözgütleri ulanmak arkaly alnyp barylýar.

Eldar PERMANOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Balkan welaýaty boýunça wekilhanasy.