Abadançylygyň gönezligi

31 Maý 2022
1408

Tebigata bolan söýgi, daşky gurşawa aýawly gatnaşyk türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuşynyň aýrylmaz bölegidir. Mähriban Watanymyzyň gözel tebigatyna aýawly çemeleşmek, ony goramak ýörelgeleri nesillerden nesillere geçirilip gelnipdir. Ene-atalarymyz nesil terbiýesinde tebigata bolan paýhasly gatnaşyga uly üns beripdir. Halkymyz asyrlarboýy ene topraga, tebigata söýgi bilen çemeleşip, alada bilen gurşapdyr. Arassa daşky gurşaw, owadan tebigat, tämiz howa, tereň suwly çeşme-çaýlar, seleň sähralar, gojaman daglar, gür baglar ynsan ruhuny baýlaşdyrýar.

Eziz Watanymyzda ekologiýa abadançylygyna ösüşiň möhüm ugry hökmünde ilkinji derejeli üns berilýär. Bu ulgamda milli tebigy baýlyklary gorap saklamaga hem-de köpeltmäge, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge, türkmen topragynyň köp görnüşliligini we täsin tebigatyny goramaga, baýlyklaryny aýawly peýdalanmagy üpjün etmäge gönükdirilen möhüm maksatnamalar we iri möçberli taslamalar durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga büremegiň uly maksatnamasy, suw hojalyk taslamalary, biologiýa köpdürlüligini we tebigy gözelligi gorap saklamak boýunça çäreler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Milli tebigaty goraýyş strategiýasy ykdysady pudakda, durmuş ulgamynda we ekologiýa babatda wezipeleri toplumlaýyn çözmäge daýanýar.

Enejan DIDAROWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.