Ýurdumyzda ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz pudagyny ösdürmek, kiçi we orta telekeçiligi goldamak we höweslendirmek bilen bagly edilýän tagallalaryň netijesinde türkmen telekeçileriniň işleri barha rowaçlanýar. Hususy pudagyň wekilleri ýokary tehnologiýaly döwrebap ýyladyşhanalary gurduryp, gök-bakja önümleri ýetişdirýärler hem-de ildeşlerimiziň saçagynyň berekediniň artmagyna goşant goşýarlar.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Batyr Rowşanowyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän döwrebap ýyladyşhanasynyň işleri hem bu gün barha ilerleýär. Ýokary tehnologiýaly ýyladyşhanada 2017-nji ýyldan bäri ýertudananyň ýokuma baý, datly görnüşleri ýetişdirilýär. Ýertudanany ýetişdirmäge niýetlenen ýöriteleşdirilen ýyladyşhananyň 0,6 gektar meýdanynda munuň üçin ähli şertler göz öňüne tutulandyr.