Bag – dur­mu­şyň be­ze­gi

31 Maý 2022
1574

Dünýäniň iň iri we abraýly halkara guramasy bolan BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyjyna bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin Aşgabat şäherine halkara güwänamanyň berilmegi ýurdumyzyň ekologiýa we daşky gurşawy goramak ulgamynda gazanan üstünlikleriniň halkara derejesinde ykrar edilmeginiň subutnamasy hem-de ýurdumyzyň daşary syýasatda gazanan nobatdaky üstünligidir. Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 22-nji aprelinde geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz halkymyzy bu şanly waka bilen gutlap, Türkmenistanyň we BMG-niň köp ýyllaryň dowamynda dünýäde durnukly ösüşi gazanmaga gönükdirilen maksatnamalary hem-de taslamalary bilelikdäki tagallalar bilen üstünlikli amala aşyrýandygyny nygtady.

Milli hem-de ählumumy möçberde ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň bähbidine ýurdumyzda şäherleriň we obalaryň töwereklerini, awtomobil hem-de demir ýollarynyň ýakalaryny bagy-bossanlyga büremek meselelerini öz içine alýan Milli tokaý maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Çünki tebigata aýawly çemeleşmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şu ýylyň mart aýynda Halkara Nowruz gününe — Milli bahar baýramyna bagyşlanyp, hormatly Prezidentimiz tarapyndan paýtagtymyzda badalga berlen ählihalk bag ekmek çäresiniň geçirilmegi bu hakykaty aýdyň şöhlelendirýär.

Arslan MUHAMMETDURDYÝEW,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy.