Sergin howa — sagdyn durmuşyň girewi

23 Maý 2022
1374

Türkmen halky gadym döwürlerden bäri bag ekmegi sogaply iş hasaplapdyr. Munuň özi halkymyzyň ähli döwürlerde tebigat bilen ysnyşykly ýaşamaga, daşky gurşawa aýawly seretmäge uly üns berendigine şaýatlyk edýär. Bu asylly ýörelge Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem dowamat-dowam tapýar. Munuň şeýledigini «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň baharynda gelip gowşan, Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasy tarapyndan Aşgabat şäherine «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyja bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin halkara güwänamanyň berlendigi baradaky hoş habar hem doly tassyklaýar.

Berkarar döwletimiz häzirki wagtda ähli ugurlarda ynamly öňe ilerleýär. Bu babatda her bir ugra degişli döwlet maksatnamalary kabul edilip, olar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şeýle maksatnamalaryň biri-de Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde bu maksatnamanyň çäginde ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, raýatlarymyzyň saglygy üçin amatly ekologik howa gurşawyny döretmek maksady bilen soňky ýyllarda 145 milliondan gowrak bag nahallarynyň oturdylmagy diňe bir ýurdumyz üçin däl, eýsem, sebit ähmiýetli asylly tutumlardyr. Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary bu günki günde Arkadagly Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýär. Muňa hormatly Prezidentimiziň hut özüniň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda geçirilen ýazky ählihalk bag ekmek dabarasy hem aýdyň güwädir.

Merjen GAÝYPOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň kesel bejeriş fakultetiniň talyby.