Taryha ser salyp görenimizde, nebit çykarmagyň taryhy geçmişiň jümmüşine uzap gidýär. Balkan sebitlerinden nebitiň, takmynan, XII-XIII asyrlarda çykarylyp başlanandygyna güwä geçýän taryhy maglumatlar saklanyp galypdyr. Hazar ýakasynyň türkmenleriniň gadymdan gelýän kärleriniň biri nebitçilik bolupdyr.
Türkmen topragynda 1874-nji ýylda doganlar Nobeller 25 ýyllyk möhlet bilen Hazaryň kenarynda, has takygy, Çelekende nebitli ýerleri kärendesine alypdyrlar. 1876-njy ýylda Nobelleriň firmasy 37 metr çuňlukdan nebit çüwdüriminiň üstüni açýar. Bu firma el bilen nebit alynýan 164 sany guýyny hem-de 8 ýer bölegini kärendesine alyp, onda 3 sany buraw desgasyny gurýar. Şol ýylda tutuş Çeleken boýunça el bilen nebit alynýan guýularyň sanynyň 700-e golaýlanlygy hem-de çykarylan nebitiň möçberiniň bir ýylda 1600 tonna ýetendigi barada maglumat bar. Bu firma ýurdumyzda nebit çykarmak boýunça işlän daşary ýurt kompaniýalarynyň ilkinjisidir. Çeleken ýatagyndan birnäçe asyr mundan öň nebit çykarylan-da bolsa, onuň hasabaty ýöredilmändir. Diňe 1876-njy ýyldan soň (Nobelleriň maglumaty esasynda) Çelekenden we ondan soňraky ýyllarda özleşdirilen nebit ýataklaryndan çykarylan nebitiň hasabaty ýöredilip başlanypdyr. Diýmek, Balkan sebitlerinden 146 ýyl bäri nebit çykarylýar.