Täsin kitaplar
Hemme zadyň başlangyjy bolşy ýaly, kitaplaryň hem ilkinji ýüze çykyş taryhy aýratynlyklary bardyr. Ynsanlar ýaşap başlan ilkinji günlerinden bäri, öz duýgularyny, pikirlerini we başyndan geçiren wakalaryny gürrüň bermäge çalşypdyrlar. Ony başda gowaklaryň diwarlaryna, soňra daşlara, wagtyň geçmegi bilen bolsa kitaplara ýazypdyrlar. Köp ýyllaryň geçmegi bilen bolsa kitaplarda wakalar beýan edilýär, hekaýalar hem döredilip başlanýar. Olar beýleki kitaplardan tapawutlylykda özboluşly aýratynlygy, beýan edýän wakalary, şeýle-de täsin galdyryjy ýazgylary bilen okyjylarynyň ünsüni özüne çekip, taryha giren ajaýyp kitaplaryň hataryna goşuldylar. Ynha, Fransuz ýazyjysy Wiktor Hugonyň 1862-nji ýylda ýazan romany dünýä belli kitaplaryň arasynda ýer alýar. Bu kitabyň üçünji bölüminde, üç sahypa dowam edýän uzynlykda sözlem bar. Ol dünýäde neşir edilen kitaplaryň arasynda iň uzyn sözlemi bilen aýratyn tapawutlanýar. Şeýle hem «Dört pasylyň gülleri» atly 22 sahypadan ybarat bolan kitap dünýäniň iň kiçi kitaby hasaplanylýar. Onuň möçberi 0,75 x 0,75 milli metr bolup, ol mikroskobyň kömegi bilen okalýar.