Günorta-Günbatar Köpetdag ösümliklere örän baýdyr. Olaryň biri-de böwürslendir. Böwürsleniň dünýäde 250 görnüşi bolup, ýurdumyzda 3 görnüşi: garrygala böwürsleni, anatoliý böwürsleni, gülgüne (gögümtil) böwürslen duş gelýär.
Garrygala böwürsleni dag derman ösümligi bolup, dag derýajyklarynyň ugrunda ösýär. Miwesi gara, çal örtükli, ýumurtga şekilli bolýar. Böwürslen maý-awgust aýlary gülleýär, iýul-oktýabr aýlarynda miwesi ýetişýär. Ol tohumy, düýbünden çykan ösüntgileri bilen köpelýär. Ösümlik Günorta-Günbatar Köpetdagda, Ýolderede, Hozluda, Tälim hem Güwen jülgelerinde, Sumbarda, Könekesirde, Saýwanda, Gökderede, Arçabilde duş gelýär. Miwesi bişýänçä, özüniň reňkini üç gezek üýtgedýär. Ak, gyzyl, garamtyl, goýy gyrmyzy reňkli bolýar. Miwesi terligine iýilýär we gaýtadan işlenýär. Ondan bal, mürepbe, marmeladlar, şireli suwlar taýýarlanylýar.