Bagym bar — barym bar

4 Maý 2022
1532

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary bilen badalga berlen ekologiýa abadançylygyny gowulandyrmak, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek işleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze röwüşde mynasyp dowam edýär. Munuň şeýledigini hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet baştutany wezipesine girişeninden soňra ilkinji il-ýurt bähbitli işini bag ekmek çäresinden başlamagynyň özi hem aýdyňlygy bilen tassyklaýar. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 22-nji aprelinde hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekilhanasyndan gelip gowşan hoş habar barada hasabatyň berilmegi ähli halkymyzyň buýsanjyny has-da goşalandyrdy.

Habar berlişi ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryndan bu guramanyň yglan eden «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyjyna bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin Aşgabat şäherine halkara güwänama gelip gowuşdy. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, munuň özi köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň BMG bilen bilelikde Ýer ýüzünde durnukly ösüşi gazanmaga gönükdirilen maksatnamalary we taslamalary amala aşyrýandygyna şaýatlyk edýär. Hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri hem ekologiýa howpsuzlygynyň ýokary derejesini üpjün etmek bolup durýar. Köpugurly, toplumlaýyn işde şäher we oba ýerlerini tokaý zolaklaryna öwürmek aýratyn möhümdir. Türkmenistan bu ugurda Milli tokaý maksatnamasynyň ýurt derejesindäki işini ulgamlaýyn esasda alyp barýar.

Guwanç MYRADOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.