Gadymy gala

27 Aprel 2022
2085

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bedew bady bilen bagtly geljege barýan ýurdumyzyň her bir künjeginde biziň buýsançly taryhymyzdan söz açýan birnäçe ýadygärliklere, galalara, muzeýlere, kerwensaraýlara duş gelmek bolýar. Şeýle galalaryň biri hem Yzmykşir galasydyr. Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň çäginde gadym döwürlerden bäri ýaşaýşyň bolandygyna şaýatlyk edýän deliller, tapyndylar gaty köp duş gelýär. Olaryň iň esasylary köne galalar, irki döwürlerden galan ýadygärlikler, mukaddes hasap edilýän ýerlerdir. Yzmykşir galasy «Ýagtylyk» daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşýär. Bu şäheriň taryhy Gündogaryň beýik söz ussady Mahmyt Zamahşarynyň ömri bilim utgaşýar.

Mahmyt Zamahşary ýaşlyk ýyllaryndan ylma uly höwes bildirýär. Ilkinji sowady öz kakasyndan alan alym, soňra Köneürgençde, Buharada ylmyny artdyrýar. Ylymda has-da çuňluklara ýetmek üçin Yspyhanda, Bagdatda, Mekgede, Merwde, Nişapurda, Şamda, Hijazda ylmyň, medeniýetiň ösen ýerlerinde okaýar. Beýik alym soňky nesiller üçin örän uly ylmy baýlygy miras galdyrypdyr. Onuň sözlük düzülişe, geografiýa, edebiýata, goşgy düzüliş kadalaryna, dini ylymlara degişli altmyşdan gowrak ylmy işi mälimdir.

Merdan ATAÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.