Germaniýanyň «Volkswagen» konsernine degişli «Audi» kompaniýasy awtoulagyň «Sfera» seriýasynyň üçünji görnüşini görkezdi. Ýagny «urbansphere» atly bu mikroawtobus «quattro» ýaly, ady kiçi harp bilen ýazylýar. Bu awtoulag markasynyň taryhynda görkezilen iň iri sergi awtoulagy boldy. Awtokaryň göwrüminiň uzynlygy 5,5 metre barabardyr. Ol howa zolaklary, iki sany elektrik hereketlendirijileri, dört tigiri hereketlendiriji we kuwwaty 120 kWt bolan batareýalar bilen enjamlaşdyrylandyr. Hereket uzaklygy 750 kilometre barabardyr. Awtoulag dördünji derejeli awtopilot bilen enjamlaşdyrylandyr, şonuň üçin ol zerur bolanda özbaşdak hereket edip bilýär.
Geçen birža söwdalarynda «Volkswagen»-iň paýnamalary 155,10 ýewro barabar boldy.