Ýurdumyzda türkmeniň maşgala gymmatlygynyň hukuk esaslary hem düýpli berkidilip, milli maşgala gatnaşyklarynyň kämil hukuk binýady döredildi. Türkmenistanyň Maşgala kodeksine laýyklykda, maşgala adamlaryň nikadan, garyndaşlygyndan, ogullyga ýa-da gyzlyga almagyndan ýa-da çagalaryň maşgala kabul edilmeginiň başga görnüşinden gelip çykýan şahsy emläk däl we emläk hukuklary we borçlary bilen baglanyşykly topary hasap edilýär. Maşgalany, eneligi, atalygy we çagalygy goramagyň döwlet kepillikleriniň bellenilmegi, maşgalanyň ykdysady taýdan özbaşdaklygynyň we onuň ähli agzalarynyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagy üçin şertleriň döredilmegi Türkmenistanyň maşgala kanunçylygynyň maksady bolup durýar. «Agzybir maşgala — berk döwlet» diýilýän düşünjeden ugur alynýan Watanymyzyň milli maşgala kanunçylygynda maşgalanyň kämil, berk bolmagynda är-aýalyň hukuklary we jogapkärçilikleri aýratyn berkidilip, kanunyň ähli düzgünleri maşgala gatnaşyklaryny berkitmäge gönükdirilendir.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda, ýurdumyzda ýaş maşgalalara ýeňillikli karz serişdeleriniň berilmeginde, olara ýaşaýyş jaýyny almakda, telekeçilik işi bilen meşgullanmakda, maşgala agzalarynyň saglygy dikeldiş we lukmançylyk hyzmatlaryndan peýdalanmagynda we durmuşyň beýleki ugurlarynda döwletimiz tarapyndan ýeňillikleriň toplumlaýyn ulgamynyň döredilmegi bolsa ýurdumyza maşgala bähbitleriniň ähli zatdan ileri tutulýandygyny alamatlandyrýar.