Mähir mukamy

29 Mart 2022
1773

Eneleriň kalby söýgüden doly. Olaryň mähriban didelerini göreniňde bar ünji-aladaň zym-zyýat bolýar. Ene hüwdüsinde janlanyş bar. Men şol süýji hüwdüleriň manysyna diňe käbäm ýaly ene bolanymdan soň düşünip galdym. Ýaradanyň emri bilen ene bolmak bagty miýesser eden zenanlaryň ählisi bu hakykata göz ýetiren bolsalar gerek.

Asyl, ol hüwdüler dag göwsüni ýaryp çykýan çeşmäniň gözbaşy deý, enäniň kalbynyň çuňlugyndan syzylyp çykýan eken. Ene göwni hüwdüler bilen ýaz güli ýaly açylyp, öz ýeten bagtyny mukama sazlaşdyryp beýan edýän eken. Ýüreginiň bir parçasy — balasyna dünýäniň ähli gowulyklaryny arzuw edip, kalbynyň owazyny zybanyna getirýän eneler ähli ýagşy umyt-arzuwlaryny hem hüwdüleriň üsti bilen aýdýar. Zeminiň, Arşyň arasyndaky ýagşydyr ýaman zatlardan bihabar körpejäni rahatlandyryp bilýän şol ajaýyp hüwdülerde kerem-keramat bar. Çünki olar ene kalbynyň arzuwy, eneleriň dileg-dogasy. Ene arzuwy bolsa, Arşda hasyl bolýan iň arzyly dilegdir.

Şasoltan DURDYÝEWA,
Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Bäherden etrap Geňeşiniň başlygy.