Maşgalanyň abatlygy — döwletiň abadançylygy

29 Mart 2022
1923

Döwletiň abadançylygy, asudalygy, ösüşi hem özgerişi maşgaladan başlanýar. Aslynda, döwlet maşgalanyň bir ýurduň çäklerine, mümkinçiliklerine we şertlerine çenli giň gerim berlen görnüşi dälmi eýsem? Şeýle bolansoň, islendik ýurda sapar bilen ýa-da syýahat etmäge barlanda, şol döwleti tanamak, durmuş-ykdysady derejesine, ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerine göz ýetirmek üçin, ilkinji nobatda, halkyň hal-ýagdaýyna, ýaşaýşyna, jaýlaryň we öýleriň binagärlik aýratynlyklaryna hem-de olarda döredilen şertlere aýratyn üns berilýär. Şu babatdan alanyňda, bir tarapdan seredeniňde, maşgalalar we olaryň jaý bilen üpjünçiligi döwletiň ýüzüni görkezýär diýsek-de ýalňyş bolmasa gerek.

Elbetde, aýtmak, diýmek, baha bermek dilde aňsat. Esasy gep olary durmuşa geçirmekde. Garaşsyzlyk ýyllarynda, esasan-da, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, ýurdumyzda ýaşaýyş jaýlarynyň, kottejleriň, bir gatly öýleriň gurluşyklaryny ýaýbaňlandyrmak, halkymyzyň olara bolan elýeterliligini ýokarlandyrmak döwletiň esasy aladalarynyň birine öwrüldi. Netijede, Aşgabat şäheri bu gün bir başyndan beýleki başyna çenli ulag bilen gidilende-de ep-esli wagtyňy alýan, giň, owadan, häzirki zaman şäher gurluşygynyň, binagärliginiň halkara talaplaryna doly laýyk gelýän şähere öwrüldi.

Ysmaýyl TAGAN.
«Türkmenistan».