Amerikanyň «Exxon Mobil» hem-de «BHP Group» kompaniýalary bilelikde Awstraliýanyň günorta-gündogarynda ýerleşýän Gippsland sebitindäki gaz ýatagynda önümçiligini artdyrmak maksady bilen, täze taslamanyň üstünde işleýärler. Degişli bilermenleriň aýtmagyna görä, bu taslama ýerli bazaryň gaz ýetmezçiliginiň öwezini doldurmaga kömek eder. Taslamanyň bahasy, takmynan, Awstraliýanyň 400 million dollaryna (ABŞ-nyň 291 million dollary) barabar bolar.
Geçen birža söwdalarynda «Exxon Mobil» hem-de «BHP Group» kompaniýalarynyň paýnamalarynyň bahalary degişlilikde, ABŞ-nyň 150 – 260 dollaryna barabar boldy.