Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan milli däp-dessurlarymyz, edebi mirasymyz, şahyrana döredijiligimiz bilen bir hatarda, ýaşaýyş-durmuşymyzdaky ynsan gatnaşyklary-da özboluşlydyr. Türkmen halky pespäl, sada, hoşsözli, myhmansöýer, ýagşy niýetli, umuman, adamkärçiligiň iň naýbaşylaryny özünde jemlän, birek-birege hormat, sylag-sarpa goýýan halkdyr. Ata-babalarymyz ýagşy gylyk-häsiýetler barada onlarça nakyllardyr atalar sözlerini, rowaýatdyr hekaýatlary döredipdirler. Paýhas eleginden geçip gelen gymmatlyklar häzirki döwürde-de gymmatyny ýitirmeýär. Olaryň her biri ýaşaýyş-durmuşymyzda giňden ulanylyp, bahasyna ýetip bolmajak terbiýeçilik häsiýete eýe bolup durýar.
Adamlaryň birek-birege ýagşy söz bilen ýüzlenmegi, oňat görelde bolmagy ajaýyp nusga bolup galypdyr. Şonuň üçin hem birek-birege her ädimde ýagşy söz bilen hemaýat berip gelipdirler. Ozaly bilen türkmen halky didarlaşanda «Edebiň ýagşysy — salam bereni» diýen sözlerden ugur alyp, hemişe sözi salamdan başlaýar. Säher bilen turup, «Ertiriňiz haýyrly bolsun!», «Sag-aman ördüňizmi?!», «Säher tutan işiňiz rowaç alsyn!» diýilýän ýagşy sözleri beýan edýärler. Şol sözleri bagyş eden adama senem iň ýagşy dilegleriňi aýdýarsyň. Garry enemiň gürrüň beren rowaýatlarynyň birinde şeýle waka beýan edilýär: