Halkymyzda «göbegene» diýlen arzyly söz bar. Hiç bir düşündirişi talap etmeýän bu sözde şeýle kärdäki ynsanlaryň mähribanlygy, başarjaňlygy bilen birlikde olara il-günümiziň egsilmez hormaty, sylag-sarpasy jemlenen. Biziň gürrüňini etjek göbegenemiz hem şeýle eneleriň biri.
Gülälek ene häzir Tejen etrabynyň Döwletli geňeşliginde ýaşaýar. Onuň kakasy, Mäne obasynda doglan Sary Sähedow Lebap welaýatyna işe ugradylypdyr. Şol ýerde hem 1937-nji ýylyň noýabrynda Gülälek, soňra Kakajan atly jigisi dünýä inýär. Gülälek iki-üç ýaşlaryndaka, kakasy keselläp ýogalýar. Sary aga aýaly Ogulbaýrama: «Çagalary al-da, Tejene gaýt, garyndaşlaryň ýanynda bol!» diýip sargyt edipdir. Tejene gaýdyp gelensoňlar, Ogulbaýram haly kärhanasynda işleýär. Arman, onuň hem ömür tanapy gysga eken. Ýetim galan çagalara kakalarynyň Ogulgerek atly aýal dogany hossar çykýar. Ol mekdepde matematika mugallymy bolup işleýär eken. Çagalaryň daýzasy ýazyjy Agahan Durdyýewiň aýaly eken. Gülälek ene Agahan Durdyýew barada şeýle ýatlaýar: «Ol diýseň ýumşak, mähriban adamdy, bizi öz çagalary ýaly gowy görerdi».