Gahryman Arkadagymyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň öňünde goýan möhüm wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen, şu günler etrabyň oba medeniýet öýlerinde etrap häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, geňeşligiň arçynlarynyň bilelikde guramagynda ýaş maşgalalaryň gatnaşmaklarynda «Maşgala ojagynyň gymmaty» ady bilen wagyz-nesihat duşuşyklary geçirilýär. Şeýle wagyz-nesihat duşuşyklary ýakynda etrabyň Syýadagsakar, Jeňňel, Lebaby geňeşlikleriniň oba medeniýet öýlerinde geçirildi.
Geçirilýän duşuşyklarda türkmen maşgalasynyň mertebesini belentde tutmak, maşgala agzybirligini berkitmek, onuň gymmatyny gorap saklamak, maşgala gatnaşyklary bilen bagly ýüze çykyp biläýjek dürli nogsanlyklary aradan aýyrmak dogrusynda täsirli gürrüňler berilýär. Çärä gatnaşanlar ýurdumyzda halkymyza, esasan hem, ýaş maşgalalara döredilýän ajaýyp mümkinçilikler üçin mähriban Arkadagymyzyň adyna hoşallyk sözlerini aýdýarlar.